«The Loadstar» neşiriniň habar bermegine görä, Hindistanyň hökümeti daşary ýurt ýük daşaýjylaryna bagly bolmaklygy aradan aýyrmak üçin milli konteýner hataryny döretmek mümkinçiligini öwrenýär. Täze konteýner hatary Bharat Container Line diýlip atlandyrylar we onuň paýdarlaryna döwlet hem-de hususy kompaniýalaryň girer diýlip çaklanylýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Bharat Container Line üçin 100 töweregi konteýner gämisi satyn alnar we kärendesine alnar.
Bu çözgüt Hindistanyň hökümetiniň deňiz gämi gatnawynyň ösdürilmegi boýunça «uly meýilnamasynyň çäklerinde» kabul edildi, onuň durmuşa geçirilmegi üçin 3 milliard dollar töweregi serişde bölünip berilýär. Meýilnama, beýleki zatlar bilen bir hatarda, gämileriň satyn alynmagyny maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar. Umumylykda, Hindistanyň portlar, gämi gatnawlary we suw ýollary ministrliginiň belleýşi ýaly, taslamanyň maksady – 2047-nji ýyla çenli dünýä bazarynda Hindistanyň baýdagynyň astyndaky gämileriň paýyny 20%-e çenli artdyrmakdyr.
«Eksport edijiler we öndürijiler üpjünçilik zynjyrlaryna täsir edýän daşary ýurt ýük daşaýjylarynyň işini çäklendirmegi talap edýärler. Gürrüň frahtyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy we Hindistanyň ýükleri daşalanda goşmaça ýygymlaryň alynmagy barada barýar» - diýip, neşir nygtaýar.
Hindistanyň eksport guramalarynyň federasiýasy (FIEO) hindi harytlarynyň halkara bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy ugurlarda diňe Hindistanyň baýdagynyň astynda hasaba alnan gämileri ulanmagy çagyrýar.
«Eger täze kompaniýanyň şu ugurlardaky paýy 25%-e ýetse, bu Hindistana ýylda 50 milliard dollar tygşytlamaga mümkinçilik berer, şeýle hem daşary ýurt ýük daşaýjylarynyň orta we kiçi telekeçilige basyşyny ep-esli peselder» - diýip, FIEO-da belleýärler.
«Hindistanyň deňiz konteýner daşamalarynyň bazary durgunlyk we pese gaçmak tapgyryna girdi. Hindi operatorlary kem-kemden bazardaky paýlaryny ýitirýärler» - diýip, The Loadstar neşiri öz çeşmesinden alan jümlesini getirýär we bu pudagyň bilermenleriniň Hindistanyň hökümetiniň meýilnamalaryna şübhe bilen garaýandyklaryny belleýär.
«Häkimiýetleriň söwda meselelerini çözmek islegini görkezýändigi gowy zat, emma bu tiz wagtda bolup bilmez» - diýip, neşir bu baradaky synyny jemleýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»