BYD kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli gaty görnüşli akkumulýatorlary köpçülikleýin önümçilige girizmegi meýilleşdirýär
18 Fewral
BYD kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli gaty görnüşli akkumulýatorlary köpçülikleýin önümçilige girizmegi meýilleşdirýär

BYD kompaniýasy 2027-nji ýylda öz elektrik ulaglaryny gaty görnüşli akkumulýatorlar bilen enjamlaşdyrmaga başlar we 2030-njy ýyldan soň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Geçen ýyl kompaniýa 60 amper-sagat kuwwatly gaty görnüşli batareýalaryň synag tapgyryny öndürdi. Indiki iki ýylda BYD bu tehnologiýanyň giň göwrümli görkezilişini geçirmegi meýilleşdirýär. 2027-2029-njy ýyllarda ilki bilen orta we ýokary derejeli segment ulaglary sulfid materiallarynyň esasynda gaty görnüşli akkumulýatorlar bilen üpjün ediler. 2032-nji ýyla çenli önümçiligiň optimizirlenmegi we goşmaça barlaglar arkaly, täze batareýalaryň bahasy adaty suwuk elektrolitli akkumulýatorlaryň bahasyna ýakynlaşmalydyr.

Gaty görnüşli batareýalaryň artykmaçlyklary äşgärdir: olar möçberi boýunça kiçi hem ýeňildir, has uly kuwwata eýe bolup, çalt zarýad alýar we ulanmakda has howpsuzdyr, ol syzmalaryň we ýanmagyň howpuny aradan aýyrýar. Emma olaryň awtoulag senagatynda giňden ýaýramagyna häzire çenli bu akkumulýatorlaryň ýokary önümçilik bahasy päsgel berýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem