Geely Monjaro krossoweri Hytaýyň awtoulag bazarynda öňdebaryjy orunda barýar
18 Fewral
Geely Monjaro krossoweri Hytaýyň awtoulag bazarynda öňdebaryjy orunda barýar

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň Geely awtoulag öndürijisi uly üstünlik gazandy: Xingyue L modeli ilkinji gezek içerki bazarda krossowerler segmentinde birinji orny eýeledi. Şunda bu awtoulagyň 29,4 müň sanysy satyldy, bu bolsa ozal öňdebaryjylygy saklap gelen Tesla Model Y kysymyndan öňe saýlanmaga mümkinçilik berdi – diýip, auto.ru neşiri habar berýär. Geely modeliniň üstünligi diňe krossowerler segmenti bilen çäklenmedi. Geome Xingyuan elektrikde işleýän sedan we heçbek görnüşlerinde öňdebaryjy boldy, şunda onuň 28,1 müň sany nusgasy satyldy. Bu model Volkswagen Sagitar we Passat ýaly meşhur awtoulaglaryň satuw görkezijilerinden öňe geçdi. Bellemeli zady, köplenç öňdebaryjy orunlary eýeleýän BYD kompaniýasy bu gezek Seagull modeli bilen diňe onunjy orunda ýerleşdi.

Miniwenler segmentinde öňdebaryjylygy Denza D9 saklap galdy, ondan soň Toyota Sienna we Buick GL8 ulaglary gelýär. Emma bu kysym boýunça umumy satuw görkezijileri has pes – öňdebaryjy D9 modeliniň bary-ýogy 9,5 müň sanysy satyldy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem