Fransiýada içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglary gadagan etmegiň möhletini yza süýşürmekden ýüz öwürdiler
19 Fewral
Fransiýada içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglary gadagan etmegiň möhletini yza süýşürmekden ýüz öwürdiler

Fransiýanyň parlamenti içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulaglary satmagy gadagan etmegi 2040-njy ýyldan 2035-nji ýyla geçirmek başlangyjyny ret etdi. Karar az artykmaçlyk bilen kabul edildi: 34 deputat bu geçişi çaltlaşdyrmagyň garşysyna ses berdi, 30-sy bu teklibi goldady – diýip, auto.ru saýty ýazýar. Kanunyň taslamasy fransuz kanunçylygyny has ileri tutulýan umumy Ýewropa kadalary bilen utgaşdyrmagy göz öňünde tutýardy. Şonda-da, milli parlament öz awtomobil bazary üçin has uzak geçiş döwrüni saklamagy makul bildi.

Dekabr aýynda Ýewropa parlamentiniň öňdebaryjy syýasy güýji - Ýewropanyň Halk partiýasy - 2035-nji ýyla çenli içinden otlanýan hereketlendirijini doly gadagan etmek boýunça meýilnamalara gaýtadan garamagyň zerurdygyny beýan edendigi bellenmäge mynasypdyr. Bu garaýşyň sebäbi sebitdäki awtoulag senagatynyň kyn ýagdaýa düşendigi bilen düşündirilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem