Russiýanyň awtoulag öndürijisi AwtoWAZ Tigris, Parus we Ariva diýen üç täze ady bellige aldyrmak üçin «Rospatent» gullugyna hat üsti bilen ýüz tutupdyr. «RIA Nowosti» agentliginiň habar berşi ýaly, bu ýüz tutmanyň iberilmegi kompaniýanyň modelleriniň hatarynda bu atlar bilen täze awtoulagyň peýda boljakdygyna kepil geçmeýär.
Bu awtoulag öndürijisiniň şuňa meňzeş başlangyjynyň ilkinjisi däl. Geçen ýyl AwtoWAZ eýýäm geljekki modeller üçin Altra, Astera, Retiva, Tarusa, Ursus we Terum atlary bilen başga-da on töweregi awtoulaglara dakylmagy mümkin bolan atlary bellige aldyrypdy. Kompaniýanyň soňky täzelikleri Iskra we Aura modelleri boldy, olaryň atlary 2020-nji ýylda bellige alnypdy.
AwtoWAZ kompaniýasynyň indiki ýyllarda birnäçe täze modelleri çykarmak meýilnamasyny göz öňünde tutup, patent edilen atlaryň käbirleriniň geljekki dörediljek awtoulaglar üçin ulanyljagynyň ähtimallygy bar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»