McLaren F1 awtokonstruktory özboluşly superkarlaryň döredilmegi üçin ýörite ussahana açýar
21 Fewral
McLaren F1 awtokonstruktory özboluşly superkarlaryň döredilmegi üçin ýörite ussahana açýar

Meşhur McLaren F1 sport ulagyny döredenligi bilen tanalýan Gordon Marri täze - Gordon Murray Special Vehicles taslamanyň başlanandygyny yglan etdi. Kompaniýa müşderileriň şahsy sargytlary boýunça özboluşly superkarlaryň işlenilip düzülmegine we öndürilmegine ýöriteleşjekdir – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

«Biz elmydama dürli görnüşdäki aýratyn özboluşly modelleri döretmek üçin sargytlary alýarys. Biziň işewürligimiziň giňelmegi, brendiň pugtalanmagy we global baş edaramyzda bar bolan önümçilik-tehniki binýadymyzyň ösmegi bilen şular ýaly sargytlaryň sany ep-esli artdy» - diýip, Marri nygtady.

Täze bölüm sargytçylara ýörite platformalar, kuzowlar we içki salonlary bilen doly şahsylaşdyrylan superkarlary hödürlemegi meýilleşdirýär. Müşderiler häzirki zaman we retro-dizaýnyň arasyndaky nusgalary saýlap bilerler, ýöne elýeterli hereketlendirijiler baradaky maglumatlar häzirlikçe gizlin saklanýar.

Marriniň sözlerine görä, onuň topary bu özboluşly taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli tehnologiýalara we tejribä eýedir. Doly görlüp-eşidilmedik awtoulaglary döretmekden başga-da, ussahana GMA kompaniýasynyň tapgyrlaýyn modellerini sargyda görä özgertmek bilen hem meşgullanar. Gordon Murray Special Vehicles taslamasynyň işe başlajak takyk wagty entek yglan edilmedi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem