BAE-niň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
22 Fewral
BAE-niň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistana sapar bilen gelen belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda, mähirli garşylanyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadag we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Duşuşykda belent mertebeli myhman türkmen halkynyň Milli Liderine BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde Gahryman Arkadagyň ägirt uly goşandyny aýratyn nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistana ýygy-ýygydan amala aşyrýan saparlarynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň örän ýokary derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda medeniýet, ylym-bilim, sungat we döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini we sergileri yzygiderli geçirmegiň wajyp ähmiýeti barada hem bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan üçin bu halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu çärä gatnaşmagynyň uly ähmiýetini belledi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň BMG-de öňe sürýän we parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny BAE-niň hemişe goldaýandygyny nygtady.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem