Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli Bruneý Darussalam Döwletine gutlag iberdi
24 Fewral
Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli Bruneý Darussalam Döwletine gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha hem-de ýurduň ähli halkyna Bruneý Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Bruneý Darussalam Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem