
Mercedes-Benz gaty elektrolitli batareýalaryň synaglarynyň täze tapgyryna başlady, olar EQS elektromobiliniň tapgyrlaýyn platformasyna oturdylar. Synag nusgasy eýýäm jemgyýetçilik ýollaryna çykaryldy. Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, täze tehnologiýa elektromobilleriň ýöremäge ukyply bolan aralygynyň 25% köpelmegine ýardam edip biler – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Gaty elektrolitli batareýalaryň esasy artykmaçlygy ýokary energiýa dykyzlygyndadyr, bu bolsa geçme aralygynyň ätiýaçlygynyň artmagyna gönümel täsir edýär. Goşmaça artykmaçlyklary bolsa adaty akkumulýatorlara garaňda ýeňilräk agramy we has ýokary howpsuzlyk derejesini öz içine alýar. Synag EQS ulagyny zarýad bermezden 1000 kilometrden gowrak aralykda ýörişe ukyply boljakdygyna garaşylýar.
Synaglar birnäçe aý dowam eder, şol wagtda synag edilýän ulag hakyky ýol şertlerinde, şeýle hem barlaghanada test-synaglaryny geçer. Mercedes-Benz entek gaty elektrolitli akkumulýatorlaryň tapgyrlaýyn önümçilige girizilmeginiň mümkin bolan möhletleri barada habar bermeýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»