2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Russiýanyň ýollarynda täze ýol belgileri peýda bolar
26 Fewral 2025
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Russiýanyň ýollarynda täze ýol belgileri peýda bolar

Rosstandart gullugy Russiýada ýol belgileri we nyşanlar ulgamyna üýtgetmeler girýän täzelenen GOST düzgünini tassyklady. «Kommersant» gazetiniň berýän maglumatyna görä, resminama birnäçe täze görnüşli ýol belgilerini we maglumat tablisalaryny girizýär. Täze standart 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ulanyş üçin hökmany bolar, emma sebitleýin häkimiýetler onuň düzgünlerini häziriň özünde ulanyp bilýärler.

Esasy täzelikleriň biri – birnäçe belgini bir belgi edip birleşdirmek mümkinçiligidir. Täze GOST-da şeýle hem «Ker adamlar» diýen ýörite belgisi göz öňünde tutulýar, ol eşidiş bozulmalary bolan adamlaryň ýoly ýygy-ýygydan geçýän ýerlerinde, mysal üçin, ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň golaýynda ulanylmaga niýetlenilýär. Belgileriň hereket ediş möhletleri baradaky maglumat tablisalarynyň mümkinçilikleri giňeldip, diňe sagatlary we günleri däl-de, aýlary hem görkezerler. «Dur» belgisi başgaça dik ýerine ýetiriliş görnüşini alar.

Moskwanyň Ýol hereketini düzgünleşdirmek merkeziniň wekilleriniň sözlerine görä, täze standart paýtagtdaky ýol belgileriniň sanyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň özünde barlag işleri başlanar we onuň barşynda 55 müň töweregi artykmaç belgileriň, tablisalaryň we görkezijileriň aýrylmagy meýilleşdirilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»