Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebine täze bina berlip bilner
27 Fewral 2025
Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebine täze bina berlip bilner

Ankarada geçirilen Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Hökümetara Türkmen-Türk Geňeşiň 4-nji mejlisinde Aşgabatdaky Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän mekdebine ýer bölegini ýa-da häzirki zaman binasyny bermegiň meselesi maslahatlaşyldy — diýip, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň habarynda aýdylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda bu ministrligiň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynda iş saparynda boldy.

Gepleşikleriň dowamynda «Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Milli Bilim ministri Ýusuf Tekin öz ýurdunyň bilim ulgamynyň esasy ugurlary we gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz gezeginde Türkmenistanyň milli bilim ulgamyndaky özgertmeler barada gürrüň berdi.

Türkmen tarapy sanly okuw, robot tehnikasy we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şeýle-de emeli aň we halkara baha beriş ulgamlaryny ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýeli ýaşlaryň arasynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwretmegi giňeltmek baradaky teklibe aýratyn üns berildi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»