
Hytaý hökümeti ýurduň howa menzillerinde ýokary tehnologiýaly we lukmançylyk ýükleriň gümrük resmileşdirilmeginiň çaltlandyryljakdygy barada habar berdi. Bu karar halkara ýolagçy we ýük awiageçirijiligi gowulandyrmak boýunça tagallalaryň çäklerinde, şeýle hem söwda we adamlaryň arasynda alyş-çalşyga ýardam bermek üçin kabul edildi diýip, Sinhua agentligi belleýär.
Hususan-da, howa menzillerinde ýokary tehnologiýaly enjamlar, lukmançylyk gurallar we biologiýa önümleri ýaly ýükleriň belli bir topary üçin çaltlaşdyrylan gümrük resmileşdirilmegini geçmek üçin “ýaşyl geçelgeler” dörediler. Täze çemeleşmäniň çäklerinde ýükleri resmileşdirmek işini, ýolagçy barlagyny gowulandyrmaga hem-de logistika hyzmatlaryny kämilleşdirmäge niýetlenen 16 sany çäreleriň girizilmegi göz öňünde tutulan. Şeýle hem, serhetüsti elektron täjirçilik kärhanalaryna goldaw beriler. Munuň özi olara howa ulaglaryny has netijeli ulanmaga mümkinçilik döreder.
Çeşme: «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi»