Alpine A110 sport ulagy 2025-nji ýylda öz taryhyny tamamlaýar
28 Fewral 2025
Alpine A110 sport ulagy 2025-nji ýylda öz taryhyny tamamlaýar

Alpine kompaniýasy 2025-nji model ýylyndan soň meşhur A110 kupesiniň öndürilişiniň bes edilýändigini resmi taýdan yglan etdi. Önümçiligiň tamamlanmagy we brendiň 70 ýyllyk ýubileýiniň hormatyna kompaniýa modeliň iki sany özboluşly çäklendirilen görnüşi bilen tanyşdyrdy. 2026-njy ýylda içinden otlanýan hereketlendirijisi bolan sport ulagy öz ornuny özüniň elektrik mirasdüşerine bermeli bolar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

A110 R 70 modeliniň öndürilişi 770 nusgalyga çenli çäklendirilip, onuň başlangyç bahasy 122 500 ýewro bolar. Şol bir wagtda, bu tapgyrdan 210 awtoulag Tricolour Edition görnüşinde — fransuz baýdagynyň her üç reňkinde (gök, ak we gyzyl) 70 ulagdan öndüriler. Bu görnüşiň aýratynlygy onuň ýokarysynda giň möçberli karbondan ýelmenen brendiň ýubileý nyşanlary bolar.

Çäklendirilen tapgyrlardan daşary, Alpine ozalky S we GT wersiýalaryny GTS diýen bir toplumda birleşdirip, tutuş A110 hataryny kämilleşdirdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»