Hyundai kompaniýasy N Sport söwda brendini we nyşanyny ABŞ-nyň patent edarasynda hasaba almak üçin ýüz tutdy. Täze brend Hyundai kompaniýasynda bar bolan awtoulag modelleriniň sport modifikasiýalaryny alamatlandyrmak üçin ulanylyp bilner – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Hyundai kompaniýasy häzirki wagtda N harpy bilen alamatlandyrylan awtoulaglarynyň doly «abzallaşdyrylan» görnüşlerini hödürleýär. Mundan başga-da, onuň has kämilleşdirilen sport dizaýny bolan hem-de käbir ýagdaýlarda asgyçlarynyň üýtgedilen sazlamalary bolan «N Line» awtoulaglarynyň hatary hem bar.
N Sport modelleri bar bolan N we N Line kysymlarynyň arasynda aralyk ýagdaýa eýe bolar diýlip garaşylýar, ol has gazaply görnüşi we şassi ulgamynyň gowulandyrmalary bilen hödürlener, emma ol hakyky N modellerinden birneme pes kuwwatly hereketlendirijileri bilen tapawutlanar.
Şuňa meňzeş derejäni beýleki awtoulag öndürijilerinde-de görmek bolýar, mysal üçin, BMW-de, hakyky M wersiýalaryndan başga-da M Sport we M Performance kysymlary bar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»