Daniýada geçirilýän hökmany tehniki gözegçiliginden alnan maglumatlara görä, 2020-nji ýyldaky Tesla Model 3 awtoulaglarynyň 25% -i dürli näsazlyklar sebäpli synagdan geçip bilmändir. Statistika bu model bilen baglanyşykly tehniki meseleleriň sanynyň bäsdeş elektrik ulaglaryndan takmynan üç esse köpdügini görkezýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Hünärmenler 2024-nji ýylyň dowamynda 4668 Tesla Model 3 ulagyny barlap gördüler we 1051 elektrik awtoulagynda düýpli kemçilikler tapyldy. Şeýlelik bilen, Tesla awtoulagynyň bozulmalarynyň görkezijisiniň 23 göterime barabar bolandygyny, ol beýleki elektrik ulaglary üçin munuň ortaça 9 göterim bolanlygyndan ep-esli ýokarydygyny aňladýar.
Umuman alanyňda, bilermenler 1392 sany dürli kemçilikleri hasaba aldylar, bu beýleki öndürijileriň meňzeş modellerinden üç esse köpdür. Esasy meseleler yşyklandyryş ulgamlarynda, tormozlarda, rulda we asgyçda tapyldy. FDM-iň wekili täze Tesla modelleriniň şuňa meňzeş tehniki meselelerden ejir çekjekdigini çaklaýar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»