2025-nji ýylyň 4-nji martynda Bakuwda Hazarüsti halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça iş toparynyň mejlisleriniň çäklerinde «НК «ҚТЖ» paýdarlar jemgyýeti bilen PTC Holding kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gol çekilen resminama Poti (Gruziýa) şäherinde ýylda 80 müň TEU göwrümden gowrak multimodal konteýner terminalyny gurmak taslamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. ҚТЖ paýdarlar jemgyýetinde SeaNews neşirine bu taslamanyň umumy maýa goýumynyň 30 million ABŞ-nyň dollaryna barabardygyny aýtdylar.
Bu guruljak terminalyň gaplanan we konteýnerleşdirilen ýükleriň netijeli işlemegini üpjün edip, bu ugurda ýük daşamagyň mukdaryny has-da ýokarlandyrjak Hazarüsti halkara ulag ugrunyň bir bölegine öwrülmegine garaşylýar.
Şunda Hazarüsti halkara ulag ugrunyň kuwwatyny ýokarlandyrjak, logistika amallaryny optimallaşdyrjak we sebitiň halkara ýük gatnawlary ulag bazaryndaky ornuny güýçlendirjek maýa goýumlaryny we serişdelerini çekmäge aýratyn üns berler.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»