Hytaýa köp gezeklik giriş wizasy Russiýanyň ähli sürüjileri üçin elýeterli bolar
12 Mart
Hytaýa köp gezeklik giriş wizasy Russiýanyň ähli sürüjileri üçin elýeterli bolar

Häzirlikçe ýeňilleşdirilen wiza düzgüni diňe Russiýa Federasiýasy bilen Hytaýyň arasyndaky serhet söwdasyna hyzmat edýän sürüjiler üçin göz öňünde tutulýar.

Ulag ministrligi diňe bir Hytaý bilen serhetdeş sebitlerden däl-de, ähli ýük daşaýjylar üçin ýeňilleşdirilen wiza düzgünini girizmegi teklip etdi. Degişli kanunyň taslamasy kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň portalynda ýerleşdirildi.

Bu başlangyç Russiýa bilen Hytaýyň arasynda awtoulag ulag gatnawynyň göwrüminiň çalt ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýanyň kompaniýalary 50 müňden gowrak gatnawlary amala aşyrdylar. Bu 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 esse köpdür.

Awtorlaryň kanunyň taslamasyna düşündiriş ýazgysynda belleýişleri ýaly, ähli sebitlerden diýen ýaly, esasanam merkezi we Ural sebitlerinden gelen kompaniýalar Hytaý ugry boýunça işlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Şeýle-de bolsa, beýleki zatlar bilen bir hatarda, olara bar bolan göwrümi işjeň artdyrmaklyga «С» derejeli köp sanly hytaý wizalaryny almak mümkinçiliginiň bolmazlygy päsgelçilik döredýär, şu wiza bilen bir ýylyň dowamynda Hytaýa näçe gezek gerek bolsa, päsgelçiliksiz, ýöne her saparda 10 günden köp bolmazlygy şerti bilen gatnawlary amala aşyryp bolýar. Bu düzgün häzirki wagtda diňe Russiýa Federasiýasy bilen Hytaýyň arasyndaky serhet söwdasyna hyzmat edýän sürüjiler üçin göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de bolsa, Russiýa Federasiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetleri raýatlar üçin olaryň syýahatyny ýeňilleşdirmek baradaky Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek baradaky Teswirnamanyň tassyklanmagy beýleki sebitlerden ýük awtoulag sürüjiler üçin köp gezeklik giriş wizalaryny almak mümkinçiligini giňelder.

Mälim bolşy ýaly, Hytaý ýokary tehnologiýaly enjamlar we çig mallar, käbir derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary we biologiki önümler üçin «ýaşyl geçelgeleri» döretmek arkaly uçar bilen getirilýän ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilişini çaltlaşdyrar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem