Bazardaky teklip ýük ulaglarynyň 100-140 müň birligine çenli artdy.
Ulag bilen ýük daşamalarynyň segmentindäki mesele ýükleriň ep-esli az bolmagy bilen däl-de, bazaryň artykmaç teklibiniň basyşynyň astynda bolmagy bilen emele gelýär. 2024-nji ýylda 140 müňden gowrak awtoulag satyn alyndy. Bu barada MMLF-2025 forumynda ATI.SU kompaniýasyny esaslandyryjy we onuň direktory Swýatoslaw Wilde beýan etdi.
– Ulagly ýük daşamak – bu diňe isleg bilen teklibiň deňagramlylygyny saklamak bilen düzgünleşdirilýän bazardyr. Häzirki ýagdaý sebäpli bu deňagramlylygy tapmak üçin oňa biraz wagt gerek. Swýatoslaw Wilde «Logirus» neşiriniň sowalyna – Bu eýýäm 2025-nji ýylda bolsa gerek diýip, umyt edýärin – diýip, jogap berdi.
– Ýük binýady hem juda azaldy, ýöne bu nyrh täsirini döredip biljek derejede däl. Şonuň üçin käbir ýük daşaýjylar bazary terk eden badyna, bu gaýtadan dikeler.
«Lemana PRO» kompaniýasynyň ulag logistika boýunça direktory Swetlana Lýubowina hem şu pikiriň tarapdary bolup durýar. Onuň hasaplamalaryna görä, 2023-2024-nji ýyllarda bazara 100 müňden gowrak ýük awtoulaglary peýda bolda, bu bolsa teklip bilen islegiň deňsizlik sebäp boldy.
Ilatyň satyn alyş kuwwatynyň peselmegi, sürüjileriň aýlyklarynyň ýokarlanmagy ýük daşamagyň bazaryna täsir edýän ýagdaýlar boldy, şeýle-de inflýasiýanyň ýokarlanmagyny hem ýük gatnawynyň azalmagyna sebäp boldy – diýip, bilermen sözüniň üstüne goşdy.
«Lemana PRO» kompaniýasynyň statistikasyna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna kompaniýanyň ýük daşaýyş mukdary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10% azaldy.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň netijelerine esaslanyp, tutuş ýurt boýunça ýük daşaýyş segmentinde awtoulag bilen ýük daşamagyň dolanyşygynyň pese gaçmagy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30% barabar boldy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»