Toyota elektrik ulaglarynyň hataryny giňeldýär
14 Mart
Toyota elektrik ulaglarynyň hataryny giňeldýär

Brýusselde elektrik ulaglarynyň täze görnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasynda Toyota konserni batareýa bilen işleýän üç sany goşmaça modeli çykarmak meýilnamalary bilen paýlaşdy. InsideEVs neşiriniň habar berşi ýaly, kompaniýa ulaglaryň sudurlaryny görkezdi, olarda 2026-njy ýylyň ahyryna çenli çykarylmagy meýilleşdirilýän iki krossoweri we pikapy görkezýän tizer suraty şekillendirilýär.

Tehniki aýratynlyklary we geljekki elektrik awtoulaglarynyň anyk jikme-jiklikleri henizem gizlinlik perdesiniň aňyrsynda galýar. Yglan edilen elektrik krossowerlerinden biri hataryň öňdebaryjysy bolar we ol üç hatarly salon bilen enjamlaşdyrylar diýlip çaklanylýar.

Elektrikleşdirilen pikap awtoulagy barada aýdylanda bolsa, tizer dört gapyly kabinany görkezýär. Toyota Taýlandda Hilux kysymynyň elektrikleşdirilen görnüşini eýýäm synagdan geçirýän hem bolsa, bu nusgada diňe bir hatar oturgyç bar.

Täze elektrik krossowerleriniň esasy bazarlarynyň Ýewropa Birleşiginiň ýurtlary bolmagyna garaşylýar, emma pikap kysymynyň elektrikleşdirilen görnüşi bolsa esasan ABŞ-daky sarp edijilerine gönükdiriler.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem