Häzirki Eýranyň ýylynyň 11 aýynda (2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 2025-nji ýylyň 18-nji fewraly) bu ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Razawi-Horasan welaýatynyň Dogarun serhet terminalynyň üsti bilen önümleriň Owganystana eksport edilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25% ýokarlandy (2023-nji ýylyň 21-nji martyndan 2024-nji ýylyň 19-njy fewraly aralygy).
Trend neşiriniň habar bermegine görä, Eýranyň Dogarun serhet terminalynyň başlygy Ismail Purabed bu barada ýerli metbugata gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, 11 aýyň dowamynda Dogarun serhet terminalynyň üsti bilen Owganystana 1,32 million tonna önüm eksport edilipdir. Esasy eksport edilýän harytlar gurluşyk materiallary, benzin we suwuklandyrylan gaz (LPG) boldy.
11 aýyň dowamynda Dogarun serhet terminalynyň üsti bilen Owganystana 2 million tonna töweregi ýük getirildi – diýip, Purabed sözüniň üstüne goşdy. Üstaşyr geçen ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70% ýokarlandy. Onuň sözlerine görä, Dogarun terminaly üstaşyr ýük geçirmek boýunça ýurduň serhet terminallarynyň arasynda 5-nji, önümleriň eksporty boýunça bolsa 3-nji orny eýeledi.
Eýranyň gümrük gullugynyň habar bermegine görä, häzirki Eýranyň ýylynyň ilkinji 11 aýynda Eýranyň nebit däl önümleriniň eksporty 141 million tonna bolup, onuň jemi bahasy 53,4 milliard dollara barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit däl önümleriň eksportynyň jemi bahasy boýunça 19%, mukdar taýdan bolsa 12,6% ýokarlandy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»