KamAZ täze tirkeg çekiji ýük awtoulagyny öndürip başlady
15 Mart 2025
KamAZ täze tirkeg çekiji ýük awtoulagyny öndürip başlady

KamAZ zawody ýük awtoulaglarynyň täze nesliniň ýene-de bir modeliniň önümçiligini özleşdirmäge girişdi. Bu ýerde KamAZ-65954 ähli tekeri hereket edýän tirkeg çekiji ýük awtoulagy konweýerden çykaryldy.

Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, tirkeg çekiji ýük awtoulagynyň ilkinji synag nusgalary geçen ýylyň fewral aýynda ýygnalypdyr. 2025-nji ýylyň mart aýynyň başynda dürli synaglary geçirilenden we OTTS-ni alandan soň, 65954 indeksli ilkinji ýük awtoulagy zawodyň esasy ýygnama konweýer hatarynda gönüden-göni öndürilip başlandy.

Tirkeg çekiji täze nesliň ähli tigiri hereket edýän awtoulaglarynyň K5 maşgalasyna degişlidir we umumy agramy 100 tonna çenli awtootlylaryň düzüminde ulanmak üçin niýetlenendir. Ulag ýatmak üçin niýetlenen bir ýeri bolan giňligi 2300 mm kabina bilen hem-de kuwwaty 560 at güýji bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr, ol mehaniki tizlik geçirijisi bilen işleýär. Ýük awtoulagynyň 6×6 teker formulasy sebäpli ýokary derejeli geçijilik ukybyna eýedir. Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli bu awtoulag modeliniň 40 sanysyny öndürmegi meýilleşdirýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»