Belarusda ýangyjyň bahalary ýokarlanýar – täze bahalar belli boldy
17 Mart
Belarusda ýangyjyň bahalary ýokarlanýar – täze bahalar belli boldy

2025-nji ýylyň 15-nji martyndan başlap Belarusda awtoulag ýangyjynyň bahasynyň ýokarlanmagy meýilleşdirilýär. Ýangyjyň ähli görnüşleriniň bir litriniň bahasy 2 köpük ýokarlanar.

Şeýlelik bilen, şenbe gününden başlap täze bahalar şeýle bolar:

- AI-92 K5 Ýewro – litri 2,36 rubl;

- AI-95 K5 Ýewro – litri 2,46 rubl;

- AI-98 K5 Ýewro – litri 2,68 rubl;

- dizel ýangyjy – litri 2,46 rubl.

«Belneftehimde» habar berişleri ýaly, nyrhy hepdede 2 köpük ýokarlandyrmak bilen, bir litr ýangyjyň bahasyny 16 köpüge çenli ýetirip, nebit önümleriniň nyrhlaryna meýilnamalaýyn hem tapgyrlaýyn düzediş girizmek göz öňünde tutulýar. Bu karara goňşy ýurtlardaky nebit we nebit önümleri üçin bar bolan ykdysady ýagdaýa we bazar şertlerine düýpli seljerme berlenden soň gelindi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem