2025-nji ýylyň ahyryna çenli Moskwanyň halkalaýyn ýoly bölekleýin ýapylar
17 Mart 2025
2025-nji ýylyň ahyryna çenli Moskwanyň halkalaýyn ýoly bölekleýin ýapylar

Çäklendirmeler gurluşyk işleri bilen baglanyşyklydyr. Moskwanyň halkalaýyn ýoly Russiýanyň paýtagtynyň gündogarynda bölekleýin ýapylar. Paýtagtyň Ulag müdirligi sürüjilere gurluşyk işleri sebäpli 2025-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli Moskwanyň halkalaýyn ýolundaky (MKAD) ulaglar üçin hereketiň bölekleýin ýapyljakdygyny duýdurdy.

«15-nji martdan 30-njy dekabra çenli Moskwanyň halkalaýyn ýolunyň 1-nji, 2-nji we 3-nji km böleginde 1-2 zolak ýapyk bolar. Bu gurluşyk işleriniň alnyp barylmagy bilen baglanyşyklydyr» — diýlip edaranyň habarynda aýdylýar.

Mundan başga-da, Ulag müdirligi ýokary tizlikde hereket edilýän ýoluň golaýynda ýerleşýän Stalewarow köçesindäki 20-nji binanyň töweregindäki hereketiň 15-nji martdan 15-nji aprel aralygynda doly ýapyljakdygyny habar berdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»