2024-nji ýyldaky maliýe hasabatynyň çäklerinde Porsche we Volkswagen Group konserniniň baş direktory Oliwer Blýume kompaniýanyň meýilnamalary barada möhüm beýannama bilen çykyş etdi. Berlen maglumatlara görä, Porsche Cayenne awtoulagynyň dördünji nesliniň tanyşdyrylyşy şu ýylyň ahyryna çenli bolar, bu bolsa ozal 2026-njy ýylda meýilleşdirilen seneden ep-esli irdir – diýip, kolesa.ru saýty habar berýär.
Täze Cayenne awtoulagynyň işläp taýýarlanyş işleri soňky tapgyrynda alnyp barylýar. Porsche geçen tomusda ýaşyryn görnüşinde synag nusgalarynyň ilkinji suratlaryny görkezipdi. Gyzykly tarapy, bu elektrikleşdirilen Cayenne awtoulagynyň täze çykaryljak dördünji nesli häzirki modelini tiz wagtyň içinde çalşyp bilmez – ulagyň iki görnüşi hem müşderilere birnäçe ýyllap ugurdaş hödürlener.
Elektrikde işlejek Porsche 718 barada aýdylanda bolsa, onuň tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylda bolar diýlip garaşylýar. Cayenne elektromobilinden tapawutlylykda täze doly elektrikleşdirilen 718 kysymy şol modeliň bar bolan benzinde işleýän görnüşini doly çalşar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»