2024-nji ýylda Özbegistanda ýük daşamagyň mukdary iň ýokary taryhy derejä ýetdi
19 Mart 2025
2024-nji ýylda Özbegistanda ýük daşamagyň mukdary iň ýokary taryhy derejä ýetdi

2024-nji ýylda Özbegistanyň ulag ulgamy 1,521,2 million tonna ýük gatnatmak arkaly täze rekord goýdy. Bu ýurduň Milli statistika komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji soňky bäş ýylda iň ýokary görkeziji bolup, 2020-nji ýyldaky derejeden (1366,7 million tonna) 11% göterimden gowrak boldy.

Bu üstünlikde esasy orny ähli ulaglaryň 92% -ini tutýan awtomobil ulaglary tarapyndan ýerine ýetirilendigi bellenilýär. 2024-nji ýylda 1,4 milliard tonna ýük awtoulag bilen daşalypdyr. Demir ýol ulaglary hem 73,9 million tonna ýük daşamak bilen (umumy göwrümiň 4,9%) möhüm netijeleri görkezdi.

Gazy sorduryp geçirmeklige ýöriteleşen turba geçiriji ulagy 61,8 million tonna işledi, ulagyň bu görnüşi ýük gatnatmagyň umumy düzüminde 4,1% göterimi emele getirýär. Jemi göwrümdäki ujypsyzja paýyna (0,001% -den azrak) garamazdan, howa ulaglary gyssagly we gymmat bahaly ýükleriň tiz wagtda eltilmegi üçin zerur bolup galýar. 2024-nji ýylda uçar ulagy bilen 14,4 müň tonna ýük daşaldy.

Soňky bäş ýylda ýük daşamagyň ösüş depgini:

• 2020-nji ýyl: 1 366,7 mln tonna;

• 2021-nji ýyl: 1 420,2 mln tonna;

• 2022-nji ýyl: 1 420,9 mln tonna;

• 2023-nji ýyl: 1 455,7 mln tonna;

• 2024-nji ýyl: 1 521,2 mln tonna.

Bilermenler ýük daşamagyň ösüşini ulag infrastrukturasynyň ösmegi, söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagy we pandemiýa çäklendirmelerinden soňky ykdysady dikeliş bilen baglanyşdyrýarlar. Ýük gatnatmagyň mukdarynyň ösüşi ýurduň ykdysadyýetiniň we ulag pudagynyň durnukly ösüşini görkezýär. Awtomobil ulaglary agdyklyk etmegini dowam etdirýär, emma demir ýol we turba geçirijiler ýaly beýleki ulag görnüşleri hem logistika ulgamyna möhüm goşant goşýar.

Ýük gatnawlarynyň bu ösüşi diňe bir ýurduň ykdysady sagdynlygyny görkezmek bilen çäklenmän, Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň esasy logistika merkezi hökmünde strategiki ähmiýetini hem görkezýär. Demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, täze awtoulag ýollaryny gurmak we howa menziliniň kuwwatyny giňeltmek ýaly ulag infrastrukturasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýük daşamagyň mukdaryny hasam ýokarlandyrmaga we Özbegistanyň halkara arenasyndaky ornuny berkitmäge kömek eder.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»