«Dünýäde ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşjaklar yglan edildi
20 Mart 2025
«Dünýäde ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşjaklar yglan edildi

Abraýly WCOTY (World Car of the Year - Dünýäde ýylyň awtoulagy) baýragyny guraýjylar bäsleşigiň alty derejesi boýunça jemleýji tapgyra gatnaşjaklaryň sanawyny hödürlediler. Baş baýrak üçin BMW X3, Hyundai Inster we Kia EV3 bäsleşer. «Iň gowy dizaýn» derejesi boýunça Koreýanyň elektrik awtoulagy ýapon ulagy bilen bäsleşer, «Şäher awtoulagy» baýragyna dalaş edýänleriň arasynda hytaý modeli bar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 16-njy aprelde Nýu-Ýorkyň awtoulag sergisinde geçiriler – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

BMW X3 krossoweri diňe esasy hödürnamada görkezilýär, beýleki gatnaşyjylar bolsa birbada birnäçe dereje boýunça baýrak alyp bilerler. Hyundai Casper we Kia EV3 ulaglary Porsche Macan Electric bilen bilelikde «Ýylyň elektrik awtoulagy» hödürnamasynyň sanawyna girizildi.

Porsche kysymynyň «Iň gowy ýokary derejeli awtoulag» derejesi boýunça ýeňiji bolmak üçin uly mümkinçiligi bar, bu ýerde Volvo EX90 bilen bäsleşýän bu öndürijiniň birbada iki modeli - Macan we Panamera kysymlary hödürlenýär. Porsche 911 Carrera GTS we Taýcan Turbo GT, şeýle hem BMW M5 finala çykan sport awtoulaglaryň derejesi boýunça hem şuňa meňzeş ýagdaý emele geldi.

Dalaşgärleriň her birinde ýa-da doly elektrikleşdirilen awtoulag ýa-da kuwwatly elektrikleşdirilen hereketlendirijisi bolan model ýeňiş üçin bäsleşýändigi bellärliklidir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»