Russiýa bilen Hytaýyň arasynda demir ýol arkaly ýük daşamak barha ösýär
24 Mart 2025
Russiýa bilen Hytaýyň arasynda demir ýol arkaly ýük daşamak barha ösýär

Russiýanyň demirýol ulgamy arkaly Hytaýa ýük daşamak ösmegini dowam etdirýär. RŽD kompaniýasy öz Telegram-kanalynda habar berşi ýaly, Russiýanyň demir ýollarynyň başlygynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow «TransRussiýa» maslahatynyň umumy mejlisinde bu barada gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda HHR-dan Russiýanyň demir ýol ulgamy arkaly 30 million tonnadan gowrak ýük daşaldy. Bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,3% köpdür.

«Gündogar ugurda halkara ulag gatnawlarynyň ösüşi Ýewraziýadaky hyzmatdaşlarymyz, ilkinji nobatda, Belarusyň we Gazagystanyň demir ýollary bilen bilelikde alnyp barylýan tagallalar bilen üpjün edilýär» — diýip, S.Pawlow belledi.

Şeýle hem ol Mongoliýanyň Ýewraziýanyň ýük gatnawlarynyň akymlary üçin möhüm ulag arteriýasy hökmünde ornunyň artýandygyny nygtap geçdi.

Russiýanyň demir ýollary «Ulan-Bator demir ýoly» rus-mongol bilelikdäki kärhanasynyň paýlarynyň toplumyny dolandyrýar.

2024-nji ýylda «Ulan-Bator demir ýoly» ulgamynda ýük daşamagyň möçberi 33,4 million tonna barabar bolup, ol rekord derejä ýetdi. 2030-njy ýyla çenli ýük daşamagyň möçberini 1,5 esse artdyrmak, ýagny ony 50 million tonna çenli ýokarlandyrmaklyk meýilleşdirilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»