Ford F-150: awtomatik tizlik geçiriş abzalyndaky kemçiligi sebäpli 1,3 million pikap ulaglary barlagdan geçirilýär
25 Mart 2025
Ford F-150: awtomatik tizlik geçiriş abzalyndaky kemçiligi sebäpli 1,3 million pikap ulaglary barlagdan geçirilýär

ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň milli müdirligi (NHTSA) 1,3 million Ford F-150 kysymly awtoulaglarda awtomatik tizlik geçiriş abzalynyň dürs işlemeýändigi barada köp sanly nägilelikleriň gelip gowuşýandygy sebäpli derňew işine girişdi – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň milli müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýyldan tä 2017-nji ýyla çenli çykarylan Ford F-150 pikap ulaglarynyň eýelerinden 138 şikaýat gelip gowuşypdyr. Awtoulag ýol bilen hereket edip barýarka, awtomatik tizlik geçiriş abzaly öz-özünden pes tizlik geçirişe geçip bilýär, bu bolsa käbir ýagdaýlarda tekeriň blokirlenmegine sebäp bolýar. Blokirlenme bolmasa-da, ulagyň tizliginiň duýdansyz we birden peselmegi sürüji üçin uly howp döredýär.

Ford kompaniýasy bu meseläni derňemek we çözmek üçin Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň milli müdirligi bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi. Deslapky derňewiň netijelerine esaslanmak bilen, Ford ulaglary yzyna gaýdyp almak kampaniýasyny geçirmegiň zerurlygy baradaky karary kabul eder.

Geçen ýylyň iýun aýynda şuňa meňzeş mesele sebäpli Ford eýýäm 668 müň F-150 kysymly pikap awtoulaglaryny yzyna gaýdyp alandygyny bellemelidiris, ýöne şunda gürrüň 2014-nji ýylyň modelleri barada bolupdy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»