
Gazagystan-Russiýa serhedindäki Abaý sebitindäki «Auyl» gümrük nokady düýpli abatlanar. Bu barada «Sputnik Gazagystan» neşiri habar berýär.
Serhet gözegçilik nokady 2011-nji ýylda gümrük nokadynyň binasynda ýerleşipdi we şondan bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmändi. Desganyň durkunyň täzelenmegi 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär.
Barlag nokady günde 3000 adamy we 1500 ulagy geçirmeklik üçin niýetlenendir. Bu ýerde 84 işgär işleýär.
Bu gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky söwdanyň ösmegine oňyn täsir eder diýlip garaşylýar.
«Boroduliha — Russiýanyň serhet ýakasynda ýerleşmek bilen, uly syýahatçylyk mümkinçiliklerine eýe bolan oba hojalyk sebitidir. «Auyl» gümrük nokady sebitiň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär, şonuň üçin ony ösdürmegi dowam etdirmek zerurdyr» - diýip, sebitiň baştutany Berik Uali belleýär.
Semipalatinsk bilen «Auyl» gümrük nokadynyň arasyndaky ýol kanagatlanarly däl ýagdaýda galýar. 2025-nji ýylda ýoluň 27 kilometrinde ortaça abatlamak işleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu maksatlar üçin respublikan býujetinden 2 milliard tenge (3,9 million dollar) bölünip berlipdir.
Galan 42 kilometri 2026-njy ýylda abatlamak meýilleşdirilýär; häzirki wagtda onuň taslama-smeta resminamalary taýýarlanýar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»