AwtoWAZ Lada Largus we Largus Cross awtoulaglarynyň kysymlarynyň gerimini giňeldip, «Comfort» atly täze kysymyny köpçülikleýin görkezişe çykardy. Adaty Largus üçin ol aralyk orny eýelär, Largus Cross üçin bolsa esasy kysyma öwrüler – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Lada Largusyň «Comfort» kysymynyň bahasy 1,710,000 rubl bolar, bu ýörgünli Enjoy kysymyndan 205 müň rubl arzandyr. Onuň bilen deňeşdirilende «Comfort» kysymynda merkezi tirsek goýulýan, yzda oturýan ýolagçylar üçin rozetka, alynky aýnanyň gyzdyryjysy we multimediýa ulgamy ýaly birnäçe abzallar ýokdur. Şeýle hem ýagyş we ýagtylyk görkeziji abzallary, reýlingler we ýola gözegçilik ediş dolandyryşy ýokdur.
Şeýle-de bolsa, ozalky Classic Plus kysymyndan tapawutlylykda, Largus Comfort yzky goş goýulýany çekilýän tekje, elektrik aýnalary, sürüjiniň oturgyjynyň sazlaýjysy we öňdäki oturgyçlaryň üç basgançakly gyzdyryjysy bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, awtoulag kuzow reňkine boýalan gapy tutawaçlaryna we moldinglerine eýe boldy.
Mart aýynyň ortalarynda AwtoWAZ goşa ýangyçly CNG görnüşindäki Lada Largusyň önümçiligine täzeden girişdi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»