Drewri WCI indeksi (World Container Index – Dünýä konteýner indeksi) 2025-nji ýylyň 12-nji hepdesinde geçen hepde bilen deňeşdirilende 4% pese gaçdy we 40 futlyk konteýneriň bahasy 2264 ABŞ-nyň dollary boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Drewry WCI indeksi 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda pandemiýanyň iň ýokary derejesinde hasaba alnan bahadan (40 futlyk konteýner üçin 10377 dollar) we 2019-njy ýylyň ortaça görkezijisinden 59% ýokarydyr (40 futlyk konteýner üçin 1420 dollar).
Şu ýyl Drewry WCI Dünýä konteýner indeksi 40 futlyk konteýner üçin ortaça 3127 dollar, bu 40 futlyk konteýner üçin geçen 10 ýylyň dowamyndaky ortaça 2885 dollar bahadan 242 dollar ýokarydyr.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»