Chery kompaniýasy iCar subbrendini ýatyrýar
01 Aprel
Chery kompaniýasy iCar subbrendini ýatyrýar

Hytaýyň Chery awtoulag kompaniýasy 2023-nji ýylda çykarylyp başlanan iCar subbrendini täzeden işlemek boýunça işleri geçirýär – diýip, gazeta.ru habar berýär.

Maglumatlara görä, kompaniýa eýýäm iCar modelini täzeden işlemek kararyna gelipdir. Brendiň baş direktory wezipesinden çekilip, işden gidipdir. Şol bir wagtyň özünde, Chery kompaniýasy iCar modelinden doly ýüz öwürmeýär, ýöne indi ol aýratyn kysym hökmünde däl-de, model tapgyry görnüşinde çykarylar. Öň hödürlenen iCar 03, 03T we V23 modelleri täzeden atlandyrylar, täze iCar V25 modeli bolsa indi Chery brendi bilen bazara çykarylar.

Şunda iCar brendiniň täzeden işlenilmeginiň resmi sebäpleri aýan edilmeýär, ýöne munuň bu modeliň satuwlarynyň pesligi bilen baglanyşykly bolmagy mümkindir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem