«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy
02 Aprel 2025
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Saburow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumito Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar durnukly ulag ulgamlaryny we raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi»
şeýle hem okaň: