Elektrik ulaglaryny öndürijileriň bary-ýogy dördüsi girdejili işleýär
02 Aprel 2025
Elektrik ulaglaryny öndürijileriň bary-ýogy dördüsi girdejili işleýär

2024-nji ýylyň hasabatlaryna görä, elektrik ulaglary we gibridleri öndürýän ähli kompaniýalaryň arasynda diňe dört sanysy girdejili çäklere ýetip bildi – diýip, auto.ru habar berýär.

Elektrik ulaglary pudagynda işleýän käbir kompaniýalar girdeji almaga golaý bolsalar-da, olaryň käbirlerine işlerini dowam etdirmek üçin yzygiderli maýa goýumlary zerur bolup durýar.

Girdejililik boýunça öňdebaryjy – 2024-nji ýylyň netijelerine görä bahadaky tapawut görkezijisi 7,2% göterim bolan Tesla kompaniýasydyr. Tesladan soň 6,4% görkeziji bilen BYD gelýär, şol bir wagtyň özünde bilermenler geljekde Teslany geçip biljek Hytaýyň kompaniýasynyň girdejililiginiň ösüşe ymtylyşyny hem belleýärler. Beýleki iki girdejili kompaniýa - Hytaýyň Li Auto we Seres Group kompaniýalarydyr.

Zeekr, Xpeng we Leapmotor ýaly öndürijiler häzirki wagtda hiç hili girdeji gazanmaýarlar, emma olar ýitgilerini işjeň ýagdaýda azaldýarlar we çaklamalara görä, tiz wagtda girdejä çykarlar. Şol topara, mysal üçin, Rivian we Polestar kompaniýalary hem degişlidir.

Iň uly ýitgini Air we Gravity modellerini öndürýän Lucid brendi çekýär. 2024-nji ýylda kompaniýanyň ters baha tapawut görkezijisi 374% boldy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»