3-nji aprelde «Aura» tankeri Azow-Don howdanynda gämi gatnawyny açdy – diýip, «Rosmorrecflot» gullugy öz telegram kanalynda habar berdi.
Gämi Koçetowskiý gidrobekediniň №2 kamerasyndan geçip, Syzran portundan ýük almaga barýar.
Gämi gatnawy başlamazyndan öň Azow-Don howdanynyň dolandyryş edarasynyň işgärleri 32 gämini abatladylar we olaryň durkuny täzelediler, gämi gatnawyna degişli bolan enjamlary gurnadylar, suwuň düýbüni çuňlaşdyrma we tral işlerini geçirdiler – diýip, «Rosmorrecflot» gullugynda bellediler.
2024-nji ýylda bu suw howdanyna giren gämileriň umumy sany 5 298 barabar boldy, bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 26% köpdür.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»