Hyundai Nexo wodorodda işleýän krossoweriň täze neslidir
04 Aprel 2025
Hyundai Nexo wodorodda işleýän krossoweriň täze neslidir

Hyundai wodorodda işleýän Nexo krossoweriniň täze nesliniň ilkinji suratlaryny we aýratynlyklaryny görkezdi. Awtoulag doly derejede täze dizaýna, täzelenen interýere, has kuwwatly hereketlendirijä we ätiýaçlygy artdyrylan wodoroda eýe boldy. Satuwlaryň başlanýan senesi entek yglan edilmedi – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Täze Nexo krossoweriniň «Polat sungaty» stilinde ýerine ýetirilen dizaýny oktýabr aýynda görkezilen Initium konseptinden ylham alnypdyr. Tapgyrlaýyn model kuzowynyň häsiýetli suduryny, çylşyrymly piksel optikasyny we göwrümli gorag görnüşini saklap galypdyr, ýöne konseptdäki futuristik goş goýulýany aýrylypdyr.

Täze Nexo krossoweri 204 at güýjündäki hereketlendirijä (ozalky 162 at güýjüne deňdi) we 6,69 kg-a çenli (ozalky 6,33 kg) artdyrylan wodoroda niýetlenen ätiýaçlyga eýe boldy. Göwrümi 2,64 kWs barabar bolan batareýasy bilen 110 kW deň bolan elektrik-himýa generatory bilelikde 700 km çenli ýoly geçmäge mümkinçilik berýär, bu ulagyň ozalky nesli bilen deňeşdirilende 100 km golaý köpdür.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»