2024 ýylyň netijelerine görä girdeji boýunça iň iri konteýner daşaýjylaryň 10-sy
07 Aprel
2024 ýylyň netijelerine görä girdeji boýunça iň iri konteýner daşaýjylaryň 10-sy

2024-nji ýylyň netijelerine görä Maersk we CMA CGM on sany iň iri konteýner daşaýjylaryň reýtinginde öňdebaryjylygy eýeleýärler. Container News neşiriniň habar bermegine görä, bu daşaýjylaryň her biri geçen ýyl 55.5 milliard dollar girdeji gazandy.

Olaryň yzyndan 32,3 milliard dollar bilen COSCO gelýär.

Dördünji we bäşinji ýerleri Hapag-Lloyd we ONE eýelediler. Olaryň girdejisi degişlilikde 20,7 milliard we 18,8 milliard dollar boldy.

Evergreen 14,1 milliard dollar möçberinde girdeji gazanandygy barada habar berdi. Bu altynjy orun bolýar.

Reýtingiň 7-nji we 8-nji setirlerinde ZIM we HMM bar. Olaryň girdejisi degişlilikde 8,4 milliard dollar we 8 milliard dollar boldy.

Yang Ming 6,9 milliard dollar möçberindäki girdejisi bilen 9-njy ýerde barýar.

Onlugy Wan Hai kompaniýasy jemleýär, onuň geçen ýylky girdejisi 4,9 milliard dollar boldy.

MSC reýtinge girmedi. Bu daşaýjy adatça öz maliýe görkezijilerini aýan etmeýär. Diňe bir gezek, 2023-nji ýylda Italo italýan demir ýol operatoryny satyn almak üçin dalaş edende, MSC «Il Messaggero» italýan gazetinde öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge mejbur bolupdy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem