«Krasnyý most» we «Samur» geçiriş nokatlary giňeldiler
08 Aprel
«Krasnyý most» we «Samur» geçiriş nokatlary giňeldiler

«Krasnyý most» we «Samur» geçiriş nokatlaryny giňeltmek üçin ýer bölekleri satyn alnar. Degişli karary premýer-ministr Ali Asadow gol çekdi – diýip, Trend neşiri habar berýär.

Resminama laýyklykda «Krasnyý most» we «Samur» geçiriş nokatlaryny giňeltmek maksady bilen, döwlet eýeçiliginde bolan jemi 8,76 gektar meýdany bolan ýer bölegini we munisipal eýeçiliginde bolan 8,282 gektar ýer bölegini döwlet hajatlary üçin satyn almaga hukuk alan edara hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti diýlip bellenýär. Hususan-da, bu administratiw çäkdäki 0,49 gektar döwlet ýerini we Gazah etrabynyň Şyhly munisipal eýeçiliginde bolan 5,53 gektar ýeri, administratiw çäkdäki 8,27 gektar döwlet ýerini we Gusar etrabynyň Samur munisipal eýeçiliginde bolan 2,752 gektar ýeri öz içine alýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti şu kararda göz öňünde tutulan döwlet eýeçiliginde bolan ýer böleklerini we munisipal eýeçiliginde bolan ýer böleklerini döwlet hajatlary üçin peýdalanmak hukugyny satyn almak boýunça taýýarlyk çärelerini Azerbaýjan Respublikasynyň «Döwlet hajatlary üçin ýerleri satyn almak hakynda» kanunynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrmalydyr we bu barada öz tekliplerine Azerbaýjan Respublikasynyň Ministrler Kabinetine bermelidir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem