
Russiýanyň «Atom» elektromobiliniň üstünde işleýän topar gyşky synaglaryň tapgyryny tamamlady — diýip, motor.ru saýty habar berýär.
Synaglaryň geçirilen döwründe inženerler şassi we durnuklaşdyryjy ulgamlary takyk sazladylar. Ulagda iki sürüş düzgüniniň: dinamiki we rahat sürmek üçin düzgüniň bolmagyna garaşylýar. Elýeterli opsiýalaryň arasynda durnuklylygyň we asgyjyň gözegçiligi ulgamlary, ABS, şeýle-de belentlige çykma we pese düşme kömekçileri hem-de agdarylmanyň öňüni alýan ulgam bar.
Işläp düzüjiler «Atom» elektromobiliniň synaglaryny tomusda gury asfaltda dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.
«Atom» yz tarapdaky okda 204 at güýjüne eýe bolan hereketlendirijisi we ulagyň poly bilen birleşdirilen akkumulýator batareýasy bilen enjamlaşdyrylar. Modeliň başga aýratynlyklaryna doly özbaşdak asgyç ulgamy we 170 mm ýetýän ýol yşygy girýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»