Hyundai konserni gibrid ulgamynyň täze nesli bilen tanyşdyrdy
28 Aprel
Hyundai konserni gibrid ulgamynyň täze nesli bilen tanyşdyrdy

Hyundai awtoulag konserni özüniň täze gibrid ulgamy bilen tanyşdyrdy. Bu ulgam Günorta Koreýanyň korporasiýasyna degişli bolan ähli kysymlar üçin ornaşdyrmak meýilleşdirilýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Täze hereketlendiriji enjamy benzin bilen işleýän hereketlendirijini iki elektrik hereketlendirijisi we kämilleşdirilen transmissiýasy bilen birleşdirýär. Işlenip düzülen tehnologiýa köp ugurly bolup, Hyundai konserniniň häzirki bar bolan hereketlendirijileriniň islendigine gabat gelýär. Bu hereketlendirijileriň kuwwaty 100-den 300 at güýjüne çenli üýtgeýär.

Häzirki wagtda bu ulgam 2,5 litrlik turbirlenen dört silindrli hereketlendiriji bilen işlemäge uýgunlaşdyrylandyr we ýakyn wagtda 1,6 litrlik turbohereketlendiriji bilen utgaşdyrylmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň inženerleri hödürlenýän konfigurasiýanyň aňrybaş energiýa tygşytlylygy üpjün edýändigini tassyklaýarlar. Ulgamyň goşmaça artykmaçlygy ses we titremäniň düýpli azalmagydyr.

Täze gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji awtoulag islendik ýoldan ýöreýän Hyundai Palisade ulagy boldy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem