
Geçen hepde Şanhaýda täze görkezişe çykan Mazda EZ-60 elektrik krossoweri täsirli başlangyçlary görkezdi - tanyşdyrylyşdan soňky ilkinji iki günüň dowamynda ol 10 müňden gowrak öňünden sargyt etmekligi toplady – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Bellemeli ýeri, bu öňünden edilýän sargytlar satyn almak borjuny döretmeýär. Awtoulagy sargyt edip, saklamak üçin 10 ýuan (takmynan 1,4 ABŞ-nyň dollary) möçberinde pul goýulmagy ýeterlikdir.
Daşky görnüşi boýunça EZ-60 adaty Mazda awtoulagynyň dizaýnyndan tapawutlanýar, sebäbi ol Changan platformasynda işlenip düzülipdir, bu platforma şeýle hem Deepal S07 krossowerinde ulanylýar.
Şanhaýdaky awtosalonda EZ-60 kysymyň yzygiderli hereketlendirijili gibrid görnüşi görkezildi.
Mazdanyň meýilnamasynda EZ-60 kysymyny Ýewropanyň we Awstraliýanyň bazarlary bir hatarda, beýleki halkara bazarlaryna çykarmak bar, ol ýerlerde bu model CX-6e ady bilen tanyşdyrylar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»