Exlantix ES elektrik sport ulagy çalt öwrülip geçmek boýunça dünýä rekordyny goýdy – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Synaglar RATAC synag meýdançasynda geçirildi, bu ýerde elektromobile 30 sekuntda 13 sany hereket edip barýan awtoulaglaryň arasyndan «ýylan ýaly» geçmek bellendi. Üç synagyň her birinde ES elektrik sport ulagy 30 metr aralykda sagatda 70 km tizlik bilen hereket edýän ulaglaryň hataryny ozup geçmeli boldy.
Netijede, Exlantix ES elektrik sport ulagy bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip, 29.893 sekuntda 16 awtoulagy öwrüm edip, ozup geçdi, bu hem Ginnessiň rekordlar kitabynda bellige alnan täze rekord boldy.
Kompaniýanyň wekilleri ilkinji awtoulagy geçen pursatynda sürüjiniň 132 km/sagat tizlige çenli çaltlandyrandygyny, synag wagtyndaky aňrybaş tizligiň bolsa 140 km/sagat bolandygyny habar berdiler. Berlen ýarym minutda elektroulag 16 gezek öwrüm edip, ýol zolagyny üýtgetmeli boldy, şol bir wagtda hem ýokary tizligi saklamaly boldy.
Awtomobildäki ulgamlaryň synag işleri üstünlikli geçdi: aňly aýlaw pursadyny paýlaýjy ulgam dört tigiriň her birinde kuwwaty takyk dolandyrmak arkaly ulagyň durnuklylygyny üpjün etdi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»


