30-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda türkmen-ukrain ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy.
Ilçi diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.