Kaliningrad şäherinde ýerleşýän Russiýanyň awtoulag öndüriji «Awtotor» kompaniýasy öz ulaglar toplumyny ykjam Eonyx elektromobilleri bilen giňeldýär – diýip, «AiF» neşiri ýazýar. Kompaniýa tehnologik hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde olaryň önümçiligine başlanandygyny habar berdi.
Häzirki wagtda synag tapgyrynyň döredilmeginiň üstünde işlenilýär we Russiýanyň çäginde ulanmak şertlerine laýyk bolmagy üçin tehniki çözgütleriň kämilleşdirilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Eonyx elektromobilleriniň tanyşdyrylyşy we olaryň bahasy baradaky maglumatlar şu ýylyň ikinji çärýeginde aýan ediler diýlip garaşylýar.
Öndüriji täze modelleriň şäher hyzmatlarynda, logistikada, howa menzillerinde we dürli kärhanalarda ulanylmaga gönükdirilendigini belleýär. Olaryň ykjamlygy we ekologiki taýdan arassa bolmagy, olary seýilbaglarda, dynç alyş zolaklarynda we myhmanhanalarda ulanmaklyga hem isleg bildiriler diýlip çaklanylýar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»