Türkiýäniň TOP-5 konteýner daşaýjylarynyň floty bir ýarym esse köpeldi
03 Maý 2025
Türkiýäniň TOP-5 konteýner daşaýjylarynyň floty bir ýarym esse köpeldi

Türkiýäniň bäş iň uly ýük daşaýjy operatorlary 2021-nji ýyldan bäri öz flotlaryny bir ýarym esseden gowrak artdyrdylar. Alphaliner neşiriniň maglumatlaryna görä, Türkiýäniň TOP-5 ýük daşaýjylaryna hyzmat edýän konteýner gämileriniň umumy sany 2021-nji ýylyň aprelinde 56 bolan bolsa, häzir ol 86 birlikden ybaratdyr. Flotuň kuwwaty şu döwürde 78 müň TEU möçberden takmynan 120 müň TEU-a çenli artdy.

Depginli ösüş 2022-nji ýylda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bäsleşikden erkin bolan Russiýanyň konteýner daşamalarynyň bazarynda türk kompaniýalarynyň işjeňligi bilen şertlendirildi.

Türkiýäniň operatorlarynyň arasynda iň ulysy häzirki wagtda TOP-5 flotunyň umumy kuwwatynyň takmynan ýarysyny tutýan Arkas bolup durýar. Bäşligiň arasynda iň uly ösüşe eýe bolany Akkon Line boldy, onuň flotunyň kuwwaty 7 esse artdy. Operatoryň 26 gämisiniň 4-si Noworossiýsk portuna yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Täze operator Sidra Line hem Russiýanyň bazarynda işleýär. 2024-nji ýylyň dekabrynda bolan hadysa hut şu operator bilen baglanyşykly boldy, şonda Amnah gämisi Ambarly portunda ýüklenýän wagty agdaryldy we ähli ýüki bilen suwa astyna gitdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»