Bäş ýyldan Türkiýe Hazaryñ düýbünden geçirilen turbalar boýunça Türkmenistandan tebigy gazyñ importyny amala aşyrar.
Report-yñ habar berişi ýaly, bu barada Türkiýäniñ Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Stambulda geçirilen Tebigy serişdeler sammitindäki çykyşynda habar berdi.
"Şu ýylyñ mart aýyndan biz türkmen gazyny Eýranyñ çäginden Türkiýä geçirip başladyk" - diýip, türk lideri belledi.
Onuñ aýtmagyna görä, şu wagta çenli bu ugurdan 250 mln kubometr tebigy gazy geçirildi, ýylyñ ahyryna çenli, garaşylşy ýaly, bu görkeziji 1,3 mlrd kubometre çenli ýokarlanar.