
Mansory týuning-atelýesi özüniň Linea d'Oro ýokary derejeli ulaglar üçin niýetlenen maksatnamasynyň çäklerinde Rolls-Royce Wraith kupesiniň täsin görnüşini çykardy. Bu awtoulaglaryň esasy aýratynlygy olaryň bezeginde hakyky 24 karat altynyň ulanylmagydyr, şeýle-de karbondan edilen düzüm bölekleri, gowulandyrylan aerodinamikasy we kämilleşdirilen tehniki görkezijileri bezegiň üstüni ýetirýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Gowy görnüşli gymmat bahaly metallaryň örän ýuka gatlagy köp sanly daşky elementleri we interýeriň böleklerini, şol sanda aýratyn ýasalan teker disklerini örtýär. Kuzowynyň esasy reňki – altyn bölekleri we täze karbon elementleri bilen täsirli gapma-garşylyk döredýän şar gara reňkdir.
Öndüriji görkezilen nusganyň anyk tehniki üýtgeşmelerini açyp görkezmese-de, Mansory kompaniýasynyň assortimentinde Wraith ulagynyň hereketlendirijisi üçin kämilleşdirme maksatnamalarynyň dürli görnüşleri bar, olaryň iň kuwwatlylary 700-den gowrak at güýjüne barabardyr. Şonuň bilen birlikde, müşderiler Linea d'Oro ulagynyň asyl zawod hereketlendirijili kysymyny hem sargyt edip bilerler.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»