
Hyundai we Saud Arabystanyň wekilleri koreý kompaniýasynyň Ýakyn Gündogardaky ilkinji zawodynyň düýbüni tutmak dabarasyny geçirdiler.
Hyundai Motor Saudi Arabia kärhanasy Şa Salman adyndaky awtoulag senagat toplumynda ýerleşer. Gurluşyk Saud Arabystanynyň Döwlet Maýa goýum gaznasy (PIF) bilen bilelikdäki kärhana şertlerinde alnyp barylýar.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin HMME bilelikdäki önümçilik kärhanasy döredildi, onda Hyundai Motor paýlaryň 30% göterimine, Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy bolsa 70% göterime eýedir.
Geljekki zawodyň kuwwaty ýylda 50 000 awtomobil öndürmäge mümkinçilik berer. Onuň işe girizilmegi 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde meýilleşdirilýär.
Ozalky aýdylanlara görä, Koreýanyň esasy awtomobil öndürijisiniň 2032-nji ýyla çenli Hyundai kompaniýasynyň elektrik awtomobilleriniň Ýakyn Gündogardaky satuwlarynyň paýy 15% göterimden geçmelidir.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»