Gazagystanyň işewürleri Gara deňze çykýar
12 Iýun
Gazagystanyň işewürleri Gara deňze çykýar

Gazagystanyň PTC Holding kompaniýasynyň uly konteýner terminaly Gruziýanyň Poti portunda işe başlady.

Daniýar Abulgaziniň ýolbaşçylyk edýän Gazagystanyň PTC Holding kompaniýasynyň konteýner terminaly 23-nji maýda Gruziýanyň Poti portunda resmi taýdan işe girizildi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy maglumat berdi — diýip, inbusiness.kz saýty habar berýär.

Taslama gruzin hyzmatdaşlary bilen bilelikde deň paýly esasda — 50% paýly gatnaşmak bilen durmuşa geçirildi. «Poti Transterminal» atly täze toplum Gruziýanyň çäginde Gazagystanyň ilkinji şeýle görnüşli infrastruktura desgasy boldy.

9 gektar meýdanda ýerleşýän terminal ýylda 80 müň DFE (ýigrimi futlyk ekwiwalent) gaýtadan işlemäge niýetlenen bolup, güýjüni 200 müň DFE çenli giňeltmek mümkinçiligi bar. Desga demir ýol şahasy bilen Poti porty bilen birikdirilip, bir wagtda 120 wagon ýa-da sagatda 50 konteýner hyzmatyny edip biler.

Terminalyň Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösüşinde esasy halka bolup, Merkezi Aziýanyň, Kawkaz sebitiniň we Ýewropanyň arasynda eksport-import gatnaşygyny üpjün etjekdigine garaşylýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem