Aktauda Hazar deňziniň suw howdanynda iň uly konteýner merkezi işe başlady – diýip, «Qazaqstan temir žoly» demir edaranyň metbugat gullugy SeaNews neşirine habar berdi.
Taslama KTŽ-nyň golçur kompaniýasy bolan KTZ Express tarapyndan Hytaýyň Lýanýungan porty we «NK Aktau halkara deňiz söwda porty» PJ bilen bilelikde durmuşa geçirildi. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde China Communications Construction Company (CCCC) konsorsiumi çykyş etdi.
«Täze merkez üstaşyr geçmek mümkinçilikleriniň ösmegini üpjün eder we Gazagystanyň Gündogar - Günbatar, şeýle hem Demirgazyk - Günorta we beýleki halkara geçelgelerde we ýollarda möhüm halka hökmündäki ornuny berkider. Gazagystanda şuňa meňzeşi bolmadyk öňdebaryjy tehnologiýalary öz içine alýan häzirki zaman logistika infrastrukturasy konteýner ýükleriniň gaýtadan işlenmegini ep-esli çaltlaşdyrar» - diýip, «Qazaqstan temir žoly» demir edarasynda belleýärler.
Konteýner merkeziniň işe başlamagy Hytaýdan Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen 100 müňünji konteýneriň gelmegi bilen bellendi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»